Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Şenbe 11 Maý 2024

Kalendar
Maý 2024
Duş Siş Çar Pen Ann Şen Ýek
29 30 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
HJ: ‘Ýer korrupsiýasy’ emeldarlary gönendirýär, daýhanlary gynandyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda bilinýän, ýöne göz ýumulýan ‘ýer korrupsiýasy’ baradaky gepleşigimizi diňläp, öz garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.

Gök, bakja ekinleriniň gowaça, bugdaý ýaly mejbury ekinelere garanda gowy girdeji getirýändigi aýdylýar
Gök, bakja ekinleriniň gowaça, bugdaý ýaly mejbury ekinelere garanda gowy girdeji getirýändigi aýdylýar

Türkmen daýhanlarynyň ýer, suw, tehnika we dökün meseleleri hem-de erksizligi saklanyp galýar, bu ýagdaýdan peýdalanyp, oba adamlarynyň, çäresiz býujet işgärleriniň hasabyna gazanç edýän emeldarlaryň eli giňeýär diýip, synçylar aýdýar. Oba hojalygyndaky iş, gazanç mümkinçilikleriniň dowamly azalmagy adamlaryň barha köp şäherlerden, daşary ýurtlardan iş gözlemegine sebäp bolýar. Emma häkimiýetler, oba hojalygyna gözegçilik wise-premýerleri, häkimleri täzeläp, emele gelen agyr ýagdaýy bölekleýin boýun alsalar-da, bu ugurda çuň kök uran korrupsiýany görmezlige salýarlar. Azatlygyň habarçylary söhbetdeş bolan raýatlaryň sözlerine görä, bu korrupsiýanyň başynda MHM işgärleri durýar.

Saýat etrabynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebap welaýatyndaky, Türkmenabat şäherindäki we Saýatdaky howpsuzlyk işgärleriniň tas ählisiniň diýen ýaly mellek ýerleri bar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy ynamdar çeşmä salgylanyp habar berýär.

Türkmenabadyň şäher polisiýa bölüminde işleýän ofiseriň anonimlik şertinde beren maglumatyna görä, öz gulluk wezipelerinden bikanun peýdalanmagy ‘gowy görýän’ howpsuzlyk işgärleri ýerden ýönekeý kärendeçileriň alyp bilmeýän girdejilerini alýarlar.

“MHM-niň Lebap welaýat bölüminde işleýän ýönekeý sürüjiniň ýa-da praporşigiň hem Saýatda mellek ýerleri bar. Olar esasan möwsümleýin käşir ekmek ýa ekdirmek bilen meşgullanýarlar. “Käşir biznesi” şolaryň elinde diýsek hem bolar. Ýaşaýan ýerinde ýa-da daça ýerlerinde ýörite ambar gurup, käşiriň çyglylygyny ýetirýän, soň bazara çykaryljak önümleriň agramyny azaltman saklaýan howa şertlerini döredip, sowadyş ulgamyny sazlap, haltalara salnan käşirleri gerek wagtyna çenli saklaýarlar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Lebapda ýylyň dowamynda birnäçe gezek käşir defisiti, ýagny ýetmezçiligi döreýär we howpsuzlyk işgärleri bu defisitden ‘gowy peýda görmegi’ öwrenipdirler.

Mundan başga, çeşmäniň tassyklamagyna görä, MHM işgärleri bäýleki kärendeçileri ýa käşir satýan adamlary gorkuzyp, olaryň ellerindäki käşirlerini arzan bahadan satyn alýarlar.

“Bu ýagdaý, ýagny beýleki adamlaryň käşirlerini ýygnap almaklary olara emeli ýagdaýda gytçylyk, özlerine gerek käşir defisitini döretmek mümkinçilini berýär. Şol deficit döräninden soň, olar öz toplan käşirlerini bazara çykarýarlar” diýip, polisiýa bölümindäki çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de, anonimlik şertinde gürleşen ofiser milli howpsuzlyk işgärleriniň etrap polisiýa bölümi bilen ‘gowy hyzmatdaşlykda’ bolýandygyny gürrüň berdi.

“Olaryň aýratyn gowy gatnaşýan polisiýa işgärleri bar. Şolaryň kömegi bilen, türmeden boşap gelen ýa-da polisiýanyň hasabynda duran adamlary mugtuna diýen ýaly, diňe iýjek-içjegini berip, öz mellek ýerlerinde işledýän howpsuzlyk işgärleri hem bar” diýip, Azatlygyň polisiýadaky çeşmesi aýtdy.

Ýapyklyk, gorka salnan adamlaryň dymmagy 'ezişiň esasyny düzýär'

Türkmen häkimiýetleriniň, şol sanda ozalky häkimleriň we beýleki täsirli adamlaryň ýüz urýan galplyklary baradaky maglumatlar köp bolmasa-da, wagtal-wagtal garaşsyz neşirlere syzyp çykýar. Ýöne ýurt ýapyk bolansoň, olary ýerinde barlamak kyn bolýar. Şol bir wagtda, bu hili maglumatlary syzdyrýan adamlar, howpsuzlyk aladalary sebäpli, özlerini ‘paş’ edip biljek detallaryň köpüsini, şol sanda wakanyň bolan ýerini hem gizlemeli bolýar.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, bu ýagdaý ýer we daýhançylyk bilen bagly korrupsiýanyň köplenç açylman galmagyna, wezipeli adamlaryň goragsyz raýatlary mümkin boldugyça kän we uzak ezmeklerine ‘gowy’ şert döredýär.

Azatlygyň Mary sebitindäki habarçysy hem welaýatdaky gowy, suwa ýakyn ýerleriň häkimlik, başlyklar, öňki emeldarlar, Aşgabatdaky ministrliklerde işleýän adamlar, prokuratura, MHM, polisiýa işgärleri tarapyndan, 50-100 gektarlap alnyp, ‘ussatlarça’ ulanylýandygyny habar berýär.

“Başlyklaryň ýerleriniň esasy böleginde gök, bakja ekinleri, mal otlary, ýorunja, mekgejöwen ekilýär. Elbetde, gözboýagçylyk üçin bugdaý ekilen ýerler hem bar. Ýöne ol bugdaýdan alnan hasyl hem hökümete tabşyrylman, çölde saklanylýan mallary saklamak üçin ulanylýar. Gowaça eken ýerleriniň pagtalaryny bolsa, birini ýüzüni ýygdyryp, soň galan gozalaryny çöldäki mallaryna äkidip berýärler” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen kärendeçi aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň tassyklamagyna görä, emeldarlara degişli potrat ýerleri býujet edaralarynyň işgärleriniň ‘hasabyna dolandyrylýar’.

Obalardaky sada daýhanlaryň ýerleri olaryň öz güýçleri, şol sanda çagalaryň, aýal-gyzlaryň zähmeti bilen bejerilýär. Emma emeldarlar, häkimlikler bilen bile bolansoňlar, býujet işgärlerinden pul topladyp, potrat ýerlerinde işleýän hakyna tutma adamlaryň hakyny işini ýitirmekden gorkýan çäresiz raýatlaryň hasabyna töleýärler diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

“Pagta ýygymy döwründe her işgär hakyna tutulýan günlükçä gününe 40-50 manat pul berýär. Býujet işgäri ýatymlyk gidip işleýän işgäre 400 manatdan pul bermeli bolýar. Her edaradan ýatymlyga, 10 gün işlemek üçin, 15 býujet işgärinden pul alýarlar” diýip, ýagdaýy gowy bilýän ýaşaýjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bugdaý oragy döwründe hem edil şunuň ýaly mejbury çärelere ulanylýar.

“Bugdaý oragy döwründe býujet işgärlerinden, ýygym üçin diýlip, 30 manatdan pul ýygnaýarlar. Gowaça otagy başlanda bolsa, işgärlerden gündelik 30-40 manatdan pul çöpleýärler. Şeýlelikde, emeldarlaryň portra ýerlerinde ekilýän ekinleriň ýetişmegi, ýygnalmagy üçin olaryň öz jübülerinden kän pul çykmaýar” diýip söhbetdeşimiz aýtdy.

Bu iş usuly, aýdylmagyna görä, emeldarlaryň bakja ekinlerinde işledilýän adamlara hak tölenende hem ulanylyp bilýär.

“Täsirli adamlary gök, bakja ekinlerinde işleýän adamlaryň aýlyk haklarynyň hem belli bir bölegi býujet işgärleriniň hasabyna ýapylýar. Welaýatyň Üçdepe, Oguzhan , Zähmet daýhan birleşiklerinde, Sakarçägäniň Çaşgyn obasynyň aňyrsynda ýerleşýän potrat ýerleriniň ählisi ‘täsirli’ adamlar tarapyndan eýelenen. Köp ýer hususylaşdyrylan. 99 ýyllyk şertnama bilen berilýän mülk ýerlerindäki gowy ýerleri emeldarlar kärende hökmünde alýarlar. Soňra, 4-5 ýyl geçeninden soň, häkimlik bilen gürleşip, ol ýerleri satyn alyp hususylaşdyrýarlar” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Aýdylmagyna görä, gowy ýerlerden ýer alýan emeldarlar ýer mümkinçiliklerini çölde bakdyrýan mallaryny ot-iým bilen üpjün etmek üçin gowy peýdalanýarlar.

“Gowy ýer alýan emeldarlaryň mallary hem saýlama mallar, Oba hojalyk ministrligi bilen gepleşip, daşary ýurtlardan getirilýän süýtli, etli-ýagly mallary öz hasaplaryna geçirýärler. Sada daýhan potrat ýerinde azap edip, dahoda garaşýar, şol pul bilen çykdajylaryny ýapjak bolýar. Emma emeldarlaryň bu hili aladasy ýok, olaryň möhümi bir telefon jaňynda bitirilýär” diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi aýtdy.

Şeýle-de, emeldarlaryň pagta, bugdaý hasylyny tabşyran hökmünde, galp resminama almagynyň örän aňsatdygy habar berilýär.

Emeldarlaryň ýerleri köplenç olaryň daşgynrak garyndaşlarynyň ýa ynamdar tanyşlarynyň adyna resmileşdirilýär, olara garrap, pensiýa çykaňyzda, adyňyz ýazylan potrat, mülk ýerlerinden peýda görersiňiz, hiç ýerde sesiňizi çykarmaň diýip tabşyrýarlar diýip, bir daýhan aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, diňe potrat ýerleri däl, Oguzhanda ýerleşýän howdanlaryň hem belli-belli ýerleri hususylaşdyrylyp, ‘özüni oňarýan adamlara’ berlipdir.

Garagum kanalynyň kenarlarynda balyk tutmak gadagan edildi, bu ýerde balyk tutmak üçin balyk firmalarynyň rugsat berlin işgäri bolmaly. Kanalyň käbir ýerleri MHM işgärlerine degişli. Ýönekeý adamlar ol ýerlere baryp bilmeýär, sebäbi ol ýerler berk gorlaýr diýip, ýasaýjylaryň biri ozalky ‘gowy günleriň’ geçendigini aýdyp zeýrendi.

Emeldarlara degişli zeýkanallar, mülk ýerlerindäki ýaplar gazylýar, arassalanýar, emma oba adamlarynyň ýaşaýan ýerlerinden geçýän zeýkeşler, ýaplar gazylman, gömlüp ýatyr, sebäbi häkimler oba adamlarynyň abadançylygy, durmuş şertleri bilen gyzyklanmaýarlar, olar diňe emeldarlaryň hyzmatynda; geňeshlikdäki ähli tehnika baýlaryň işini etmeli, daýhanlaryň nobaty diňe başlyklaryň işi gutaranyndan soň ýetýär diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, geňeşligiň oba hojalyk işgärleri oba ýerlerindäki ýaplary, zeýkeşleri gazdyrmak üçin öýme-öý aýlanyp, hojalyklardan pul ýygnaýarlar.

MHM, prokuratura işgärleri suwa ýakyn ýerleriň hözirini görýär

Oba ýerlerindäki ýer korrupsiýasy baradaky maglumatlar diňe Azatlyk radiosyna däl, beýleki garaşsyz neşirlere hem gelip gowuşýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň habarçylarynyň ýazmagyna görä, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň oba hojalyk birleşiklerindäki suwa ýakyn ekerançylyk ýerleri 'ýasama adamlara' 10-15 gektardan bikanun bölünip berilýär.

Düýbi Wenada ýerleşýän neşiriň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän mellekleriň hakyky eýeleri MHM-niň we prokuraturanyň ýerli bölümleriniň işgärleri bolup, ol ýerlerde gowaça ýa-da bugdaý däl-de, has gowy girdeji berýän gök önümler ekilýär.

Aýdylmagyna görä, bu ýerleriň eýeleri ekiş we hasyl möwsüminde gününe 50-70 manat hak töläp, işsiz ýa-da öz ýeri ýok adamlary işe alýarlar.

Halaç etrabynyň Soltanýaz gala, Rahman Çäge geňeşliklerinde baý adamlar ýerleri giňeltmek üçin gömlen zeýkeşleriň geçen ýerlerinden, suwa ýakyn ýerlerden 25 gektardan kärendesine ýer alýarlar. Olar daýhan birleşigine, hamala, pagta öndürmekden alnan girdeji hökmünde, 7000 manat töweregi töleg töleýärler, ýöne esasan gök önüm we gawun ösdürip ýetişdirýärler diýip, habarda aýdylýar.

Bu ýerleriň MHM işgärlerine ýa ozalky emeldarlara berilmeginde diňe daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary jogapkärçilik çekmeýär, suwa ýakyn ýerde, gömlen zeýkeşleriň ýerinden açylan ekin meýdanlarynyň bölünip berilmegine Suw hojalyk müdirliginiň wekilleri hem gatnaşýar diýip, TH-nyň ýerli habarçylary ýazýar.

Azatlygyň habarçylarynyň hem habar berşi ýaly, adaty kärendeçilere ýerlerinde gök, bakja ekinlerini ekmek köplenç gadagan edilýär. Olar kärende ýerlerine gelýän ýaplary hem öz güýçleri bilen arçamaly bolýarlar, suw nasoslaryny bejertmek üçin çykdajy edýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, bir kärendeçi gamyş basan ýabyň 150 metr ýerini arassalatmak üçin ekskawatorça 750 manat töleýär, puly bolmadyklar bu işi el güýji bilen edýär.

Neşiriň geçen ýylyň güýzünde çap eden maglumatyna görä, oba adamlarynyň köpüsi pagta ýa-da bugdaý hasylyny ýetişdirmek üçin maşgala bolup, bary-ýogy 2-3 gektar ýer alyp bilýär.

“Emma her daýhan birleşiginde 20-40 gektardan ýer alýan kärendeçiler (öňki kazylar, prokurorlar, häkimler) hem bar. Olaryň ozal zeýkeş geçen ýerlerden, hasaba alynmadyk ýerlerden alan ýerleri hem bar” diýip, garaşsyz neşiriň golaýda çap eden habarynda aýdylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 7-nji maddasynda aýdylmagyna görä, zähmet gatnaşyklaryndaky hukuk kemsitmeleri gadagan, ýagny "...zähmet hukuklarynda çäklendirmä ýa-da olary durmuşa geçirmekde haýsydyr bir artykmaçlyklary almaga ýol berilmeýär".

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG