Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Russiýanyň NATO hüjüm etmejekdigini, ýöne Ukrainadaky F-16 uçarlarynyň uruljakdygyny aýdýar


“Biziň bu döwletler babatynda agresiw meýillerimiz ýok” diýip, prezident Wladimir Putin belledi.
“Biziň bu döwletler babatynda agresiw meýillerimiz ýok” diýip, prezident Wladimir Putin belledi.

Russiýanyň NATO agza döwletine, hususanda Polşa, Baltik ýurtlaryna ýa-da Çehiýa Respublikasyna hüjüm etmek meýli ýok, emma Günbatar Ukrainany F-16 harby uçarlary bilen üpjün etse, onda olar rus güýçleri tarpyndan urlar diýip, prezident Wladimir Putin 28-nji martda aýtdy.

Putin bu barada harby uçarmanlar bilen geçiren söhbetiniň dowamynda aýtdy, we 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan bäri, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Ýaranlygyň gündogara – Russiýa tarap ilerländigini, emma Moskwanyň NATO döwletine hüjüm etmek planlarynyň ýokdugyny belledi.

“Biziň bu döwletler babatynda agresiw meýillerimiz ýok” diýip, Putin belledi.

XS
SM
MD
LG